Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar kofe içmegiň ömri näçe uzaldýandygyny takyk kesgitlediler

17:2011.12.2024
0
25110
Alymlar kofe içmegiň ömri näçe uzaldýandygyny takyk kesgitlediler
Surat: gazeta.ru

Portugaliýanyň Neýrobiologiýa we öýjük biologiýasy merkeziniň alymlary günde ortaça dört bulgur kofe içýänleriň bu içgini içmeýänlerden 1,84 ýyl uzak ýaşaýandygyny kesgitlediler. Ylmhy barlaglaryň netijeleri «Ageing Research Reviews» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Uly göwrümli ylmy barlaglaryň barşynda alymlar tutuş dünýäden ýüz müňlerçe adamlary öz içine alýan 85 sany ylmy işi seljerdiler. Alnan maglumatlar esasynda her gün ortaça dört bulgur kofe içýänleriň 1,84 ýyl (1 ýyl 11 aý) uzak ýaşaýandyklary belli boldy.

Alymlar şeýle täsiri kofe içgisiniň bogun, ýürek-damar, psihiki we immun ulgamlarynyň işini goldaýandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Kofe şeýle-de birgiden keselleriň, şol sanda infarktyň, insultyň, düwnügiň käbir görnüşleriniň, süýji keseliniň, demensiýanyň, göwnüçökgünligiň we öýken-dem alyş keselleriniň öňüni alýar.

Hünärmenler kofe içgisiniň peýdasy onda antioksidantlaryň bolmagy bilen bagly bolmagy mümkin, bu maddalar öýjükleri erkin radikallar tarapyndan döreýän zeperlenmelerden goraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň