Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we rumyn uniwersitetleri goşa diplom ulgamynyň mümkinçiligine garadylar

13:5104.12.2024
0
24600

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Rumyniýada saparda boldy. Saparyň dowamynda Rumyniýanyň in inženerçilik tehnologiýasy pudagyndaky iň uly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada HYY we ÖU-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň prorektory Horiýa Nekula bu ýokary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy, akademiki we halkara işleri barada jikme-jik gürüň berdi. Şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

Öz gezeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, maglumat tehnologiýasy ulgamy barada durup geçdi.

Ol bu ugurda Türkmenistanda degişli Konsepsiýanyň esasynda ähli pudaklary öz içine alýan tehnologik özgertmeleriň geçirilýändigini belledi.

Taraplar kompýuter tehnologiýasy pudagynda 1+1 ulgamy boýunça goşa diplom maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça uniwersitetleriň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara gyzyklanýan ugurlarda bilelikdäki işleri guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň