Ýakyn günlerde Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Ministr Aşgabada saparynyň dowamynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine baryp görer hem-de ol ýerde guralan türk kompaniýalarynyň diwarlyklaryny gözden geçirer. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.
Saparyň dowamynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem geçirilmegine garaşylýar. Hususan-da, Türkiýäniň söwda ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende bellesek, 4 — 6-njy dekabr günleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Oňa 70-den gowrak türk kompaniýasynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli açyk bolar.
Türkiýäniň söwda ministriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistan-Türkiýe Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu sergi türk kompaniýalaryna önümlerini türkmen bazaryna hödürlemek üçin mümkinçilik döretmek hem-de iki ýurduň arasynda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirilýär. Gözden geçiriliş türkmen kompaniýalaryna ýokary hilli türk önümleri bilen tanyşmaga we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine baha bermäge şert döreder.