Top.Mail.Ru

Arhiw

«Belent bilim» merkeziniň öwrenijisi rus dili boýunça Moskwada geçen olimpiadada üstünlikli çykyş etdi

14:3127.11.2024
0
25963

«Belent bilim» okuw merkezi daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek bilen, Türkmenistandaky bilim merkezleriniň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Merkez diňe bir okatmaga innowasion usulda çemeleşýändigi bilen däl-de, eýsem halkara giňişlikde öwrenijileriniň gazanýan ýokary netijeleri bilen hem tapawutlanýar.

Merkeziň soňky üstünlikleri barada aýdylanda, ol merkeziň öwrenijisiniň Moskwada geçirilen abraýly halkara olimpiadada gazanan ajaýyp üstünligi bilen baglydyr. 1 — 4-nji noýabr aralygynda Russiýanyň paýtagtynda W.G.Kostomarow adyndaky XX halkara rus rili olimpiadasynyň finaly geçirildi. A.S.Puşkin adyndaky Rus dili instituty tarapyndan daşary ýurtly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän giň gerimli çäre 65 ýurtdan 2500-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi.

Olimpiadada Türkmenistandan rus dili boýunça taýýarlykly bilimini we başarnyklaryny görkezmegi başaran, Mary şäherindäki «Belent bilim» merkeziniň ýetişdiren öwrenijisi Ýusup Orazow gatnaşdy. Tejribeli mugallymy Myrat Akmyradowiç Aganazarowyň ýolbaşçylygynda ol tekst derňewi, grammatika, medeniýet we aragatnaşyk endikleri ýaly çylşyrymly meseleleri öz içine alýan zehin bäsleşiginiň ähli tapgyrlaryny üstünlikli geçdi. Olimpiadanyň netijelerine laýyklykda, Ýusup finalçynyň diplomy we ýadygärlik medal bilen sylaglanyldy.

Bu üstünlik öwrenijiler bilen özbaşdak işlemäge we dürli derejelerdäki ýaryşlara taýýarlanmaga aýratyn üns berilýän «Belent bilim» merkezinde okuwlara toplumlaýyn çemeleşilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Merkez taýýarlygyň ähli derejeleri üçin interaktiw okuwlary hödürleýär, ýokary hünärli mugallymlar topary bolsa dil biliminiň netijeli ösmegini we tankydy pikirlenmäniň kämilleşmegini üpjün edýärler.

Ýusup Orazowyň halkara olimpiadada gazanan üstünligi «Belent bilim» okuw merkezinde ulanylýan okatmagyň usulyýetiniň netijeliligini görkezýär. Bu üstünlik bilimlerini artdyrmaga we bilimde täze belentliklere ýetmäge ymtylýan türkmen mekdep okuwçylary üçin hyjuwlandyrýan mysal bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň