Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda gyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär

17:2221.11.2024
0
6493

Daşoguz welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginde gyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Häzirki wagtda müdirligiň hasabyndaky ýyladyş desgalaryndan 349-sy arkaly jemagat we hususy ýaşaýyş jaýlaryna, edara binalaryna ýyladyş hyzmaty edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Häzir hereket edýän ýyladyş desgalaryndan saglyk öýleriniň 2-si, başlangyç hünär mekdepleriniň 4-si, orta mekdepleriň 32-si, şeýle-de çagalar baglarynyň 31-si ýylylyk bilen kadaly üpjün edilýär. Mekdeplerdir çagalar baglarynda kadaly ýylylyk derejesiniň üpjünçiligi aýratyn gözegçilikde saklanýar.

Tutuş sebit boýunça merkezleşdirilen desgalarda ýyladyş gazanhanalarynyň 423-si bolup, olardan 66-sy welaýat merkezinde hereket edýär. Ýyladyş çäreleriniň geçirilýän aýlarynda Daşoguz şäherindäki müdirlige işçileriň uly topary möwsümleýin işe kabul edilýär. Häzirki wagtda bu ýerde işçileriň 500-den gowragy işleýär.

Möwsümde ilata edilýän hyzmatlarda ýüze çykýan kemçilikleri gaýra goýman düzetmek maksady bilen birleşigiň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýörite dispetçer gulluklary döredildi. Ýöriteleşdirilen tehnikalar hem enjamlar bilen üpjün edilen bu gulluklarda jogapkär işgärleriň reje boýunça nobatçylygy ýola goýuldy.

Jemagat hojalygy birleşiginiň hasabyndaky ýylylyk geçiriji ulgamlaryň umumy uzynlygy 66,1 kilometre barabar bolup, olaryň tutuş möwsümde üznüksiz işledilmegi üçin degişli işler geçirildi.

Birleşigiň garamagynda Daşoguz şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş kärhanasy, ýylylyk müdirligi, ähli etraplarda jemagat hojalygy müdirlikleri bolup, olarda işçi-hünärmenleriň ýüzlerçesi yhlasly zähmet çekmek bilen, ilata ýokary hilli jemagat hyzmatlaryny edýärler.

Ýyladyşhanalaryň biri welaýat merkezini etekläp oturan Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň, beýlekisi hem şu etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň