Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Magtymgulynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk nusgalarynyň üçüsi Türkmenistana getirildi

16:1020.11.2024
0
7009
2024-nji ýylda Magtymgulynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk nusgalarynyň üçüsi Türkmenistana getirildi
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

2023-2024-nji ýyllarda daşary ýurtlara guralan iş saparlarynyň çäklerinde TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan ol ýurtlaryň golýazma hazynalaryndan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna, türkmen halkynyň medeniýetine, taryhyna degişli bolan golýazma çeşmeleriniň 519-synyň sanly nusgalary Türkmenistana getirildi.

Şolaryň içinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna degişli 7 sany golýazmanyň bardygyny bellemek gerek. Olardan üçüsi (Wengriýadan, Täjigistandan we Germaniýadan getirilen nusgalar) öň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk nusgalardyr.

2024-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasyna guralan ylmy saparyň dowamynda Magtymgulynyň Berlin döwlet kitaphanasynda «Hs. or. 827» belgili bukjada saklanýan, entek ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk bir «Diwanynyň» üstünden baryldy.

«Diwanda» şahyryň 190 sany goşgusy bolup, ol «Içen ýalydyr» şygry bilen başlanyp, «Bir beýan geler» goşgusy bilen tamamlanýar. XIX asyryň ortalaryna degişli bu golýazmanyň käbir sahypalarynyň zeper ýeten, şeýle hem waraklarynyň ýerbe-ýer goýulmadyk ýerlerine gabat gelinse-de, ortaça ýagdaýda saklanandygyny aýtsa bolar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň