Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet rezidensiýasynda Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirilýär. «Global kynçylyklaryň şertlerinde Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň özgermegi» ady bilen geçirilýän bu foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri Dogdurkul Kendirbaýewa forumda giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýokary okuw mekdepleriniň innowasiýa we durnukly ösüş merkezi bolmalydygyny belledi.
Umumy we bölümçe mejlislerde Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ÝOM-laryň döwre görä üýtgemegi, akademiki hyzmatdaşlyk we ylym bilen işewürligiň integrasiýasy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de sebitdäki ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekiler we forumyň jemleýji Beýannamasy kabul ediler.