Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. 18-nji noýabrda bolan mejlise gatnaşmak üçin Hytaýyň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, dostlukly gatnaşyklara daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda energetika boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Energetika, hususan-da, gaz pudagyndaky özara hereketler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirip, ony geljekde has-da ösdürmegiň iki tarap üçin hem wajypdygy nygtaldy.
Türkmen tarapy ýurtda milli ykdysadyýetde energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly onuň kuwwatyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklady.
Hytaý tarapynyň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleler barada gürrüň edildi. Taraplar alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna syn berip, geljekki mümkinçilikler hakynda pikir alyşdylar.
Mejlisde türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary has-da ilerletmek maksady bilen, hytaýly kärdeşlerine birnäçe teklipleri beýan etdiler.
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi. Bu resminama energetika pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin şu gezekki geçirilen gepleşiklerde garalan meseleler boýunça alnyp barylmaly işleri özünde jemleýär.