Germaniýanyň Kansleriniň orunbasary we ykdysadyýet ministri Robert Habek «Ýaşyllar» partiýasyndan möhletden öňki saýlawlarda Kansleriň wezipesine dalaşgärlige hödürlendi. Bu barada «Zeit» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi. Delegatlar Habegi dalaşgärlige partiýanyň Wisbadende geçen federal gurultaýynda saýladylar.
Noýabryň başynda Germaniýada ýurduň Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy Kristian Lindler işden boşadylandan soňra, hökümet krizisi döredi. GFR-iň dolandyryjy koalisiýasyna girýän Sosial-demokratik partiýasy we «Ýaşyllar», şeýle-de garşylykçy Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikler topary 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda möhletinden öňki Parlament saýlawlaryny geçirmek barada ylalaşdylar.
Häzirki Kansler Olaf Şolsuň hökümetine ynam wotumy boýunça ses berlişik 16-njy dekabrda bolmaly diýlip, habarda bellenýär.