Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýagyş ýagmagyna garaşylýar

09:2412.11.2024
0
55526
Türkmenistanda ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +3 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +12 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň