Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanly işewürler içerki bazar üçin nah ýüplügini, ýoduň spirtli erginini we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 801 müň manatdan gowrak boldy.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 13-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.