Top.Mail.Ru

Arhiw

Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy

16:2308.11.2024
0
18281
Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Surat: mir24.tv

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer ýurduň Maliýe, Ýustisiýa we Bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary Kristian Lindneri, Marko Buşmany we Bettinu Ştark-Watsingeri işden aýyrdy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Prezident olara işden boşadylýandygy barada güwänamany gowşuryp, wezipede bitiren işleri üçin hoşallyk bildirdi. Ministrleriň üçüsi hem ýurduň Azat demokratik partiýasynyň agzalary bolup durýar.

Maliýe ministriniň wezipesini GFR-iň Federal Kansleriniň edarasynyň stats-sekretary Ýorg Kukis ýerine ýetirer. Ulag we sanly infrastruktura ministri Folker Wissing şeýle-de Ýustisiýa ministrligine, häzirki azyk we oba hojalyk ministri

Jem Özdemir bir wagtda Bilim we ylmy-barlaglar ministrligine täze saýlawlara çenli ýolbaşçylyk eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň