Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynyň Hardoý okrugynyň Bilgrem etrabyndaky ýol-ulag hadysasynda 11 adam gurban boldy. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report» habar berdi.
Habarda ýük ulagynyň we awtorikşanyň motosiklli bilen çaknyşmazlyk üçin öwrüm edende, heläkçilige uçrandygy aýdylýar.
Ştatyň baş ministri Ýogi Aditýanath etrabyň häkimligine ejir çekenlere we gurban bolanlaryň ýakynlaryna gyssagly öweztölegini tölemek barada buýruk berdi.