Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylda 4000 megawattdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi bar

12:2708.11.2024
0
12465
Türkmenistanda ýylda 4000 megawattdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi bar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň ýylda 4000 megawattdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçiligi bar. Şol mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek maksady bilen, sebitde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýaly birnäçe iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň energetike ministri A.Saparowyň sözlerine salgylanyp, «nCa» portaly habar berdi.

«Bu maksada ýetmek üçin ýurtda energetika infrastrukturasy işjeň ösdürilýär. Täze elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar we podstansiýalar guruldy. Energiýa enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek merkezi döredildi. Ýurduň ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi hem bu ugurda möhüm ädim bolar» diýip, ministr A.Saparow «CIET 2024» halkara forumynda eden çykyşynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 11 elektrik stansiýasy işleýär hem-de Balkan welaýatynda ýene bir kuwwatly elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär.

«Olaryň umumy kuwwaty diňe bir içerki sarp edişi (3000 megawat töweregi) doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, ep-esli mukdarda elektrik energiýasyny eksport etmäge hem şert döredýär» diýip, ministr nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň uzak möhletleýin şertnamalar esasynda goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek üçin eýýäm birnäçe taslamany durmuşa geçirýändigini bellenildi. Olaryň arasyndaky iň möhüm taslamalardan biri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy bolup, ol Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna türkmen elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berer.

Şeýle-de Gyýanly obasynda, takmynan, 1600 megawatt kuwwata eýe utgaşykly görnüşde işleýän elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu elektrik stansiýasy Hazaryň üsti bilen Kawkaz ýurtlaryna, Türkiýä we Ýewropa elektrik energiýasy eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açar diýlip, ministriň çykyşyda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň