Bişkekde geçen Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Wengriýanyň Hökümet başlygy Wiktor Orbanyň arasynda bolan gepleşikleriň barşynda özbek-wenger gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek barada pikir alşyldy diýip, «Report» habar berdi.
Taraplar iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň we senagat kooperasiýasynyň ösýändigini bellediler. Häzirki wagtda Daşkent oblastynda bilelikde senagat zolagyny gurmak meýilleşdirilýär. Olar şeýle-de iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.
Şol bir wagtda sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda aýdylýar.