Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşyk geçirildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi habaryna görä, duşuşygyň başynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine yzygiderli eýerýändigi belläp geçdi. Şeýle hem Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 – 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň kabul edilendigini we häzirki wagtda bu meýilnamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda hanym Ruwendrini Menikdiwela raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça #IBELONG atly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny we Türkmenistanyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusgalykdygyny belledi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýansa goşulyp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini nygtady.
Taraplar Türkmenistan bilen BMG-nyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.