Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

W.N.Tatişew adyndaky ADU-da 2300-den gowrak türkmenistanly bilim alýar

18:1907.11.2024
0
7196

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde 2300 müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar. Bu barada şol ýokary okuw mekdebiniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça prorektory Angelina Fadina mälim etdi. Ol bu barada W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde hereket edýän Türkmenistan jemgyýetiniň başlyklygyna geçirilen saýlawlarda eden çykyşynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebiniň häzirki döwürde daşary ýurtly talyplaryň jemgyýetçilik medeni durmuşa uýgunlaşmagyna hem-de täze dil gurşawyna girişmegine ýardam bermek üçin ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy bellenildi.

«Türkmenistan jemgyýetiniň talyplaryň uniwersitetiň medeni durmuşyna işjeň goşulyşmagyna itergi berýän çäreleri guramaga işjeň gatnaşjakdygyna ynanýaryn. Dalaşgärlere üstünlik arzuw edýärin» diýip, A.Fadina sözüni jemledi.

Ýeri gelende bellesek, ses berlişigiň jemleri boýunça W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde hereket edýän Türkmenistan jemgyýetiniň başlyklygyna bu ýokary okuw mekdebiniň pedagogika, psihologiýa, myhmansöýerlik we sport fakultetiniň magistranty Orazmyrat Toşyýew saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň