ABŞ-daky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasyny 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ol Waşington şäherindäki Kapitoliýada geçer diýip, «USA Today» neşirine salgylanýan «Report» ýazýar.
Çärede täze Prezident kasam kabul eder, ondan öň we soňra beýleki dabaralar, şol sanda dabaraly ýöriş hem-de bal tans edişlik guralar.