Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Gölliýew Türki döwletleriň guramasynyň Bişkekde geçirilýän sammitine gatnaşýar

12:5206.11.2024
0
9037

Bişkekde çarşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammiti öz işine başlady. TDG-niň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky 11-nji mejlisiniň işine guramanyň agza döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem synçy ýurtlaryň – Wengriýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada «Interfaks» agentligi habar berýär.

Bu sammitde türkmen tarapyna adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Nury Gölliýew wekilçilik edýär.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, sammitiň jemleri boýunça kabul ediljek esasy resminamasy guramanyň hukuk ýagdaýyny beýan etjek Bişkek jarnamasy bolar. Mundan başga-da, taraplar «ýaşyl ykdysadyýet» babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sammitiň netijeleri boýunça 2025-nji ýylda Türki döwletleriň guramasyna başlyklyk etmek Gyrgyzystan döwletine geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň