Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň Parlamentiniň başlygynyň ýurduň Senasyny täzeden ýazmak baradaky başlangyjyna oňyn baha berdi. Bu barada «Kabar» döwlet habarlar gullugyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Žaparowyň sözlerine görä, häzirki Sena mundan 33 ýyl öň, ýurt ýaňy azatlygyny we garaşsyzlygyny gazanan döwri ýazyldy.
- Ondan bäri 33 ýyl geçdi. Biz döwlet hökmünde doly kemala geldik. Dünýä bizi ykrar etdi. Biz ýene ýüz ýyldan soňra hem ine, biz azat, ine, biz garaşsyz döwlet diýip Sena aýtsak, nähili bolar!? – diýip, Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany nygtady.
- Haçanda biz döwlet Baýdagymyza üýtgetme girizenimizde, käbir nadanlar we şöhratparazlar garşy çykypdylar. Eýsem, biziň häzirki täze baýdagymyzyň nämesi erbetmiş? Ol öňküden bir ädim öňde ahbetin. Köne baýdakdaky Günüň nyşanyna düşüner ýaly däldi, günebakar diýip günebakar däl, byçgy diýseň oňa-da meňzänok. Täze baýdaga garasaň, barysy düşnükli, ine, hakyky şugla saçýan Gün şöhleleri - diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Emma şol bir wagtda Prezident Senanyň sözlerine üýtgetme girizilmejekdigini, munuň üçin onuň jemgyýetçiligiň sala salşygyna goýulmalydygyny aýtdy. «Göz öňüne getirip görüň, Senany çagalardan başlap, gojalara çenli aýtsalar, nähili oňat bolar. Ony baýramçylyklarda, konsertlerde aýtmagyň nämesi erbetmiş? Sena ýurdy, raýatlary watançylyga, birlige we öz döwletimizi baky gorap saklamaga ruhlandyrmalydyr» diýip, Žaparow sözüniň üstüni ýetirdi.
Gyrgyzystanyň döwlet Senasynyň täzeden ýazyljakdygy barada öň ýurduň Parlamentiniň ýolbaşçysy Nurlanbek Şakiýew resmi dabaralaryň birinde habar beripdi.