ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda möhletinden öň 50 milliondan gowrak adam ses berdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Saýlawlaryň esasy güni 5-nji noýabr, emma ýurtda ses sanalyşygy eýýämden başlandy. Floridanyň uniwersitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, olaryň 39 göterimi demokratlar, 36 göterimi respublikaçylar üçin ses berdiler.
Öň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň möhletinden öň ses berendigi habar berildi. Ol munuň üçin 40 minut nobata durdy.