29-njy oktýabrda Buhara şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag-logistika ulgamlarynyň wekililleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary W.Hojanepesow, özbek tarapyna bolsa Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logika meselelerini öwrenmek merkeziniň direktory B.Holmatow ýolbaşçylyk etdi.
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň resmi habaryna laýyklykda, duşuşykda iki ýurduň milli ýük daşaýjylarynyň üstaşyr daşamalarda duş gelýän bökdençliklerini aradan aýyrmagyň we şol maksat bilen degişli amallary has-da ýeňilleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugurda dessin çözgütleri taýýarlamak üçin Pudagara iş toparyny döretmek hem-de 2025-nji ýyldan başlap, ýük daşaýjylardan alynýan tutumlaryň we ýygymlaryň möçberini deňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Mundan başga-da, resminamalaşdyrmak işini ýönekeýleşdirmek we ýük daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin «E-rugsat» elektron alyş-çalyş ulgamyny ornaşdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.