Isaak Nýutonyň birinji kanunynyň beýany latyn dilinden iňlis diline ýalňyş terjime edilipdir, ony aradan 300 ýyl geçensoň, anykladylar. Bu barada Wirginiýanyň Politehniki uniwersitetiniň filosofiýa professory Deniel Huk habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Nýutonyň birinji kanunynyň umumy kabul edilen düşündirişine laýyklykda, jisim eger daşky güýç täsir etmedik halatynda rahatlykda saklanýar ýa-da endigan hereket edýär.
Emma professor Hukuň sözlerine görä, beýanda «eger» diýlip terjime edilen baglaýjy aslynda «sebäbi» diýmegi aňladýar. Bu takyklama Nýutonyň yzyna eýerijileriň arasyndaky ýüze çykýan jedelleri aradan aýyrmaga kömek eder diýip, ol belleýär.
Ýeri gelende aýtsak, Nýutonyň üç kanuny nusgawy mehanikanyň möhüm sütünleri bolup durýar.