24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi we oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçmek bilen, taraplar işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Medeni alyşmalaryň meseleleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek we çäreleri guramak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň – Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Meksikanyň DIM-iň ýanyndaky Matias Romero adyndaky diplomatik gözlegleri institutynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.
Döwletara hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Indiki syýasy geňeşmeleri geljek ýyl Aşgabatda geçirmek teklip edildi diýlip, habarda bellenilýär.