Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dragon oil» Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerinde emeli aňy ornaşdyrýar

14:0225.10.2024
0
23582

«Türkmennebit» döwlet konserniniň hyzmatdaşy «Dragon oil» kompaniýasy nebit-gaz ýataklaryndaky gözleg işleri geçirilende, maglumatlary gaýtadan işlemekde we gatlagyň kollektor häsiýetlerini seljermekde emeli aňy ornaşdyryp başlady.

Bu barada «SNG.Today» neşiri Aşgabatda geçirilen OGT-2024 halkara forumynyň çäklerinde kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen geçiren interwýusyna salgylanyp habar berýär.

Al Jarwanyň gürrüň bermegine görä, kompaniýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Innowasiýa tehnologiýalary babatda aýdylanda bolsa, geologiýa-gözleg işlerinde emeli aňyň maglumatlaryny düşündirmekde we gatlagyň kollektor häsiýetlerini bahalandyrmakda ony giňden ornaşdyrmak üçin anyk gönükdirilenlik bardyr.

«Biz bu taslamalaryň ählisini döwlet konserni bilen ara alyp maslahatlaşýarys – diýip, ol belledi. — 3D-seýsmika taslamasy eýýäm Türkmenistanyň çäginde Çeleken blogunda we goňşy 19-njy blokda durmuşa geçirildi. Bu barlaglaryň netijeleri energiýa çeşmelerini öndürmegiň diwersifikasiýa maksatnamasynyň esasyna girer».

Umuman aýdylanda, baş ýerine ýetiriji direktoryň sözlerine görä, «Dragon oil» kompaniýasynyň 30 ýyldan gowrak wagtlap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň netijesinde 450 million barrelden gowrak nebit çykarylyp, özleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň