Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri adaty karate boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

07:5823.10.2024
0
11152

Adaty karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Ispaniýanyň Kambrils şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşýar. Türkmen türgenleri medallary gazanmak ugrunda we ýurduň abraýy üçin halkara arenasynda bäsleşer.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 10 türgen: Kemal Ataýew, Eziz Zekerýaýew, Selim Muratdurdyýew, Hemra Begjanow, Nurgeldi Annagurbanow, Pälwan Öwezow, Serdar Baýryýew, Yhlas Annagurbanow, Meýlis Çaryýew dagy çykyş eder.

Tälimçiler toparyna Diýar Hojaýew (toparyň ýolbaşçysy) we Döwlet Berdiýew wekilçilik edýär. Bäsleşikde Türkmenistanyň eminler toparyna Guwanç Adyýew bilen Eýmur Mademinow wekilçilik edýär.

Adaty karate — bu gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelip ýeten söweş sungaty bolup, onuň usullary we tilsimleri nesilden nesle geçip gelýär. Ol öz-özüňi goramak ýörelgelerine esaslanýar hem-de elleriň, aýaklaryň bilen urmaklygy, urgulardan goranmaklygy we dem alyş tehnikasyny öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň