Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Müsürde it Heopsyň piramidasynyň depesine çykyp, guşlary kowdy

15:0517.10.2024
0
7288
Müsürde it Heopsyň piramidasynyň depesine çykyp, guşlary kowdy
Surat: gazeta.ru

Müsürde paraplan uçarmany Aleks Lang Giza piramidalarynyň üstünden uçup barýarka, olaryň biriniň depesinde üýrüp guşlary kowýan iti gördi. Syýahatçynyň wideosy sosial ulgamda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Lang Heopsyň piramidasynyň depesindäki köpegi tötänden gördi, it asla gorkman, özüni ynamly alyp barýardy hem-de guşlary üýrüp kowýardy.

Köpege 140 metrlik belentlige nädip çykmak başardandygy belli däl, onuň ýere düşendigi-de habar berilmeýär.

Heopsyň piramidasy Gadymy Müsüriň «Jahanyň ýedi gudratynyň biri» hasaplanýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolup, onuň ýaşy takmynan 4500 ýyl senelenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň