Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG: Ýemende martdan bäri mergiden 720 adam pida boldy

12:3917.10.2024
0
7013
BMG: Ýemende martdan bäri mergiden 720 adam pida boldy
Surat: belta.by

Ýemende mart aýyndan bäri mergi keselinden 720 töweregi adam öldi diýip, «Anadolu» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň haýyr-sahawat meseleleri boýunça kömekçisi Joýs Msuýa merginiň Ýemende ýaýramagyny dowam edýändigini hem-de şu ýylyň mart aýyndan bäri 203 müň keselliniň hasaba alnandygyny, olaryň 720-ä golaýynyň aradan çykandygyny habar berdi.

Ýemende on ýyla çeken raýatlyk urşy sebäpli haýyr-sahawat we lukmançylyk kynçylyklary dowam edýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ýurtdaky lukmançylyk edaralarynyň diňe 51 göterimi doly möçberde işleýär, 36 göterimi çäkli hyzmatlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň