Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:3817.10.2024
0
14903

Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli halkara bäsleşigini yglan etdi, Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçiriljek CAVA çempionatyna gatnaşar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli halkara bäsleşigi geçirmek hakynda degişli Buýruga gol çekdi. Şeýle hem baýramçylygyň çäklerinde halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler geçiriler. Işlere Prezidentiň Kararyna laýyklykda düzümi tassyklanan ýörite topar baha berer.

2. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Russiýanyň medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary hödürlediler, şunda Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansambly merkezi orny eýeledi. Mukamlar köşgüniň eýwanynda «Russiýadaky pursatlardan mozaika» atly fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. 17-nji oktýabrda çäreler meşhur pianinoçy, halkara saz bäsleşikleriniň ýeňijisi Dmitriý Masleýewiň konserti bilen dowam eder.

3. Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär. MEjlisiň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat toplumy ýaly ulgamlara aýratyn üns çekildi.

4. Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi öz işine başlady. Bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşýarlar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda tabşyrylan ähli ylmy-taslama işleri emin agzalarynyň topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyrda eminleriň garamagyna saýlanan iň gowy işleriň 150-si hödürlenildi. Işer üç ugur boýunça bölünýär: oba hojalyk taslamalary, maglumat tehnologiýalary taslamalary we işewürlik taslamalary. Gatnaşyjylaryň hatarynda 9 ýurtdan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary bar. 100-e golaý iş bolsa Türkmenistanyň 16 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna degişlidir.

5. Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Akademikler Wadim Masson we Wiktor Sarianidi Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmek boýunça uly işleri alyp bardylar. Olar dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýrak, beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglandylar

Dünýäde

6. Afrikanyň sawannasynyň bir burçunda, Namibiýanyň goraghanasynda ykbal iki sany adaty bolmadyk dosty: Betsi atly ýekegapany we Jerri atly surikaty birleşdirdi. Olaryň meşhur multfilmdäki Timon bilen Pumbanyň arasyndaky gatnaşyklary ýada salýan güýçli dostlugy bütin dünýäniň ünsüni çekdi. Jerri we Betsi bilelikde köp wagt geçirýärler, oýun oýnaýarlar we göwün açýarlar. Surikat ullakan dostunyň arkasyna çykmagy aýratyn gowy görýär. Göwreleriniň arasyndaky tapawuda garamazdan, olar biri-biri we goraghananyň beýleki ýaşaýjylary bilen gowy düşünişýärler.

7. Hytaýda adaty bolmadyk tendensiýa meşhurlyk gazandy: öý haýwanlarynyň eýeleri olary ýöriteleşdirilen kafelerde işlemäge iberýärler. Bu tejribe itlere we pişiklere eýeleri işde wagty gyzykly gurşawda wagt geçirmäge mümkinçilik berýär. Hytaýda öý haýwanlary bolan kafe pudagy gowy ösendir. Bu ýere gelýänler giriş üçin takmynan 8,50 dollar töleýärler. Haýwanlar hakyky işgärler ýaly doly ýa-da doly däl iş güni «işläp» bilýärler. Gyzykly tarapy, işe alynmazdan ozal eýeleri haýwanlarynyň terjimehalyny sosial ulgamda ýerleşdirmeli.

Sport täzelikleri

8. Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 18 – 24-nji oktýabr aralygynda Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň CAVA-2024 çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ýaryşa Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylary gatnaşar.

9. Geçen tapgyrda möhletinden öň Türkmenistanyň çempionylygyny gazanan «Arkadag» Ýokary liganyň 29-njy tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunyň çäklerinde myhmançylykda «Ahal» bilen duşuşar. Oýun 17-nji oktýabrda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler.

10. Angliýanyň futbol assosiasiýasy Tomas Tuheliň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. 51 ýaşly nemes hünärmeni 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda öz wezipesine girişer. Tuheliň soňky iş ýeri Mýunheniň «Bawariýa» topary bolupdy. Ondan öň ol «Çelsi», «PSŽ» we Dortmundyň «Borussiýasy» ýaly meşhur klublara üstünlikli tälimçilik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň