Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi

09:2317.10.2024
0
5703

Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.

Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr. Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Bilelikdäki ugurdaş çäreleriň yzygiderli geçirilmegi munuň üçin şertleri döredýär.

Mejlise gatnaşyjylar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.

Mejlisde ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Mejlise gatnaşyjylar ýurtlaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolmak bilen, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň