Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

M.Garryýew adyndaky TDLU Aziýanyň uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň resmi taýdan agzalygyna kabul edildi

11:4012.10.2024
0
20131

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

M.Garryýew adyndaky TDLU-ny agzalyga kabul etmek baradaky çözgüt Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň VI gurultaýynda kabul edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň agzalygyna kabul edilen ilkinji ýokary okuw mekdebi boldy diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň VI gurultaýy 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen «ALTAÝ-AZIÝA 2024»: «Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze maksatlar we öňdebaryjy tejribeler» atly VI Halkara Bilim Forumynyň çäginde bolup geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň