Hindistanda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri «Tata Group» maşgala konglomeratyna ýolbaşçylyk eden Ratan Tata aradan çykdy. Ol 86 ýaşyndady diýip, kompaniýanyň metbugat habarnamasyna salgylanýan ВВС habarlar gullugy habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar. Ratan Tata ady tutulan kompaniýalar toparyny esaslandyran işewüriň çowlugydyr.
Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi işewüriň aradan çykmagy bilen baglylykda, onuň maşgalasyna gynanç bildirdi.
Ratan Tata 1937-nji ýylda doguldy, ABŞ-da binagärlik ugrundan bilim aldy. Soňra maşgala kompaniýalar toparynda dürli wezipelerde işledi. 1991-nji ýylda «Tata Groupyň» direktorlar geňeşine ýolbaşçylyk etdi. Ol bu wezipäni 2012-nji ýyla çenli eýeledi, onuň ýolbaşçylyk eden döwründe konglomerat görnükli halkara aktiwlerini, şol sanda «Corus» polat guýujy firmasyny, «Jaguar» we «Land Rover» awtoulag brendlerini we dünýäde ikinji çaý öndüriji «Tetley» kompaniýasyny satyn aldy.
Häzir 155 ýyl ýaşly «Tata Group» topary 100-den gowrak kompaniýany özüne birleşdirýär hem-de 660 müň töweregi işgäri bar.