Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tesla kompaniýasy köpçüligi «CyberCab» robotakisisi bilen tanyşdyrdy

11:0611.10.2024
0
13290

Tesla kompaniýasy Golliwudda özüniň innowasiýa taýdan täze döreden awtoulagyny — «CyberCab» robotakisisini görnüşe çykardy. Bu biziň bilýän awtoulaglarymyzda bar bolan rul hem-de pedal ýaly adaty dolandyryş elementleri bolmadyk doly awtonom ýagdaýda hereket edýän ulagdyr – diýip, Carscoops saýtyna salgylanmak bilen «Rossiýskaýa Gazeta» habar berýär.

Dizaýny futuristik «Cybertruck» pikap awtoulagyndan ylham alan «CyberCab» özüniň aerodinamiki kuzowy we ulagyň içine oňaýly girip oturmak üçin «kebelek» görnüşli gapylary bilen täsir galdyrýar. Gapdal aýnalaryň we yzky penjiräniň ýoklugy ony aşa döwrebap görnüşine eýedigini görkezýär. Salonyň içi giň iki orunly bolup, ol maglumat-şüweleňli hab hökmünde hyzmat edýän uly merkezi displeýi bilen öz ýolagçylaryny garşy alýar.

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask «CyberCab» awtoulagynyň köpçülikleýin önümçiliginiň 2026-njy ýylda başlanjakdygyny habar berdi. Ýeri gelende aýtsak, Tesla kompaniýasy öz bäsdeşlerinden tapawutlylykda robotaksisini hususy şahslar tarapyndan azyndan 30 000 dollar bahadan satyn almak üçin elýeterli etmegi meýilleşdirýär.

«CyberCab» awtoulagynyň özboluşlylygy onuň konstruksiýasynyň ilkibaşda el bilen dolandyrylmazdan işlenip taýýarlanandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu batyrgaý çözgüt ähtimal Tesla kompaniýasyna kadalaşdyryjy edaralar bilen ylalaşmak işini uzak dowam etdirmezden önümçilige we satuwlara başlamagyna mümkinçilik berer.

Tanyşdyryş dabarasynda Robowan konsepti — sürüjisiz ulag serişdesi hem köpçülikleýin görkezişe çykaryldy, bu awtoulag serişdesi köpçülikleýin ýolagçy gatnawy üçin niýetlenendir, ýöne onuň tapgyrlaýyn önümçilige goýberilmeginiň geljekki mümkinçilikleri näbelli bolup galýar.

Elektrik hereketlendirijisiniň tehniki aýratynlyklary we «CyberCab» ulagynyň energiýa sarp ediş dowamlylygy baradaky maglumatlar entek ýaşyryn bolmagynda galýandygyna garamazdan, onuň eýýäm 50 töweregi nusgasy gurlandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň