Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy

12:3810.10.2024
0
10308
Gazagystanyň Prezidenti Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy
Surat: akorda.kz

Şu gün Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly P­yragynyň 300 ýyllygyn­a» atly ýubileý medal­y bilen sylaglanyldy.

Gazagystanyň Prezidentine sylag türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gowşuryldy. Medalyň gowşurylyşy Aşgabat şäherinde beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň çäginde guraldy diýip, HHM ýazýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň gutlag sözünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň «Magtymguly P­yragynyň 300 ýyllygyn­a» atly ýubileý medal­y bilen sylaglamak ha­kyndaky çözgüdini mälim etdi hem-de sylagy dabaraly ýagdaýda gazak Liderine gowşurdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligine gül desslerini goýdular diýip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň