Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XVI jildi çapdan çykdy

09:1710.10.2024
0
14550

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi çapdan çykdy. 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde onuň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, täze neşir ýurtda giňden bellenilýän hünär baýramynyň – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy.

Sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary Türkmenistanyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik berer. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň