Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Laçin şäheriniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň öz ýurdunda hoşallyk duýgusy bilen kabul edilendigini aýtdy diýip, TASS ýazýar.
Aliýew bu barada GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýygnagynda habar berdi. Azerbaýjanyň Lideriniň çykyşyny «AzerTAj» habarlar gullugy çap etdi. Onda Azerbaýjanyň Gündogar-Zangezur sebitiniň Laçin şäheriniň täze derejesiniň şäheriň ýaşaýjylary hem-de tutuş azerbaýjan halky tarapyndan uly hoşallyk bilen kabul edilendigi nygtalýar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň sammitinde Laçin şäheriniň 2025-nji ýylda medeni paýtagt diýlip yglan edilendigini, geljek ýyl bu derejäniň Ermenistanyň Megri we 2027-nji ýylda Belarussiýanyň Molodeçno şäherine geçjekdigini habar berdi.