Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýaly seýilgäh döretmek üçin 22 ýylda 40 müň bag ýetişdirdi

17:5608.10.2024
0
8037
Braziliýaly seýilgäh döretmek üçin 22 ýylda 40 müň bag ýetişdirdi
Surat: gazeta.ru

Braziliýaly öz ýaşaýan şäherinde seýilgäh döretmek üçin 22 ýylda 40 müň bag oturtdy diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

73 ýaşly braziliýaly pensioner, öňki telekeçi Elio da Silwa San-Pauludaky taşlanan ýer bölegini iki onýyllykda hakyky ýaşyl zolaga öwürdi. 2002-nji ýyldan bäri ol 40 müň bag ekdi. Seýilgäh jahankeşdeleriň köp gelýän ýerine öwrüldi.

Erkek kişiniň sözlerine görä, onuň oturdan agaçlarynyň 88 göterimi boý aldy, guşlaryň 45 görnüşi üçin mesgene öwrüldi. Silwa henizem bu işi dowam edýär we nahallary 50 müňe ýetirmegi maksat edinýär.

«Meni baglar bu işe ruhlandyrýar, sebäbi olar bizi bagtly edýär, gül, miwe we arassa howa bagyşlaýar» diýip, Elio gürrüň berýär.

Braziliýaly her ýylda bu tutumy üçin 7 müň dollar töweregi harçlaýar we muny jemgyýet üçin maýa goýum hasaplaýar. Işe ilki başlanda, tankyt edilendigine garamazdan, ony indi ýerli gahryman hasaplaýarlar we adamlaryň köpüsi onuň başlangyjyna gatnaşmak isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň