Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kalkuttada tramwaýlar döwri tamamlanýar

16:4108.10.2024
0
1340
Kalkuttada tramwaýlar döwri tamamlanýar
Surat: blog.erv.ru

Hindistanyň Kalkutta şäherinde dünýäde iň uzak wagt bäri işläp gelýän tramwaý gatnawlary ýatyrylýar. Bu barada Günbatar Bengaliýanyň (Hindistanyň gündogaryndaky ştat) Snehasis Çakraborti Kalkuttanyň Ýokary kazyýetini tramwaý gatnawyny bes etmek barada çözgüt bilen habarly etdi diýip, «The Telegraph India» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Hökümetiň täze çözgüdi tramwaýlaryň haýal hereketi netijesinde döreýän ulag päsgelçiliklerine garşy göreş, şeýle-de ulagyň häzirki zaman tiz hereket edýän görnüşlerini ornaşdyrmak maksady bilen baglydyr. Şäherde bu ulag görnüşiniň az bölegi ýerli medeniýetiň mirasy hökmünde jahankeşdelik maksady bilen saklanyp galar. Kalkuttada tramwaýlaryň hatda geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan bäri hereket edýänleri hem bar. Geçen ýylyň fewralynda Kalkutta tramwaýy özüniň 150 ýyllygyny belledi.

Emma ýerli işjeňleriň hökümetiň täze çözgüdi bilen ylalaşmaýandyklary habarda bellenýär. Olar tramwaýlaryň ulagyň ekologiýa taýdan ýeke-täk arassa görnüşidigini bellemek bilen, onuň saklanyp galmagy ugrunda çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň