Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines-yň» Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär

10:0808.10.2024
0
22666

Dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan «Turkish Airlines» Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny awiapetek satyn almak hem-de gatnawlar barada maglumat almak üçin satuw ofisiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

Ofisiň professional hünärmenleri müşderilere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr. Olar iň amatly ugry, uçuşyň senesini saýlamaga, awiapetekleri bronlamaga, şeýle hem goşmaça hyzmatlary resmileşdirmäge ýardam ederler. Bu hili hyzmatlaryň hatarynda — uçardan oturyljak ýeri saýlamak, bortda ýörite nahar sargyt etmek we goşlary daşamagy guramak bar.

«Turkish Airlines» hyzmatlarynyň türkmenistanly ýolagçylar üçin amatly bolmagyna aýratyn üns berýär. Awiakompaniýa iki ýurduň arasynda yzygiderli we ygtybarly howa gatnawyny üpjün etmek bilen, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 uçuşy amala aşyrýar. Bu diňe bir Türkiýä syýahat etmegi ýeňilleşdirmän, eýsem Stambulyň üsti bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna üstaşyr gatnawlary amala aşyrmak üçin hem amatly mümkinçilikleri açýar.

«Turkish Airlines» uçarlarynda ýolagçylara hyzmatlaryň iň ýokary derejesi garaşýar. Awiakompaniýa köpdürli we datly iýmitleri, şeýle hem uçuş mahalynda dynç almak üçin dürli güýmenjeler ýaly ýetirýän ajaýyp hyzmatlaryna buýsanýar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň satuw ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň