Efiopiýanyň Parlamenti palatalaryň ikisiniň ýygnagynda ýurduň daşary işler ministri Taýe Aske-Selassiýäni täze Prezidentiň wezipesine saýlady. Bu barada «Fana» teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
Taýe Aske-Selassiýe ýokary döwlet wezipesinde 2018-nji ýylyň oktýabryndan bäri işläp gelýän Sahle-Wokr Zewdäni çalyşdy.
Sahle-Wokr Zewde Efiopiýanyň taryhynda Prezident bolan ilkinji zenandyr. Afrika ýurdunyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Prezident döwlet Baştutany bolup durýar, emma iş ýüzünde döwleti dolandyrmak Parlament köplügine esaslanýan Premýer-ministre degişlidir. Prezident wekilçilik wezipelerini ýerine ýetirýär. Efiopiýanyň Premýer-ministri wezipesini 2018-nji ýyldan bäri Abiý Ahmet eýeleýär.