Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Turin şäherinde geçirilen «Prix Italia-2024» festiwalyna gatnaşdy

10:3605.10.2024
0
6557

1 — 4-nji oktýabr aralygynda Italiýanyň Turin şäherinde «RAI» italýan teleradiokompaniýasynyň esaslandyrylmagynyň 76 ýyllygy mynasybetli «Prix Italia-2024» festiwaly geçirildi. 1948-nji ýyldan bäri, her ýyl geçirilip gelinýän bu festiwala şu ýyl Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Iş saparynyň çäginde türkmen wekiliýeti «RAI» teleradiokompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Simone Martotrelli hem-de «PRIX Italia» forumynyň baş sekretary Kýara Longo Bifano bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we «RAI» teleradiokompaniýasy bilen şertnama baglaşmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmen wekiliýeti forumyň çäginde guralan «Loud and Clear» festiwalynyň açylyş dabarasyna-da gatnaşdy. Şu ýyl açylyş dabarasyna Türkmenistan bilen bir hatarda dünýäniň onlarça ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar. Festiwalda Ýewropanyň telekompaniýalarynyň we Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Däp bolşy ýaly, çäre baýrak gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň