Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5504.10.2024
0
11935

Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Komissary Hazarüsti platformasynyň işe girizilmegini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny yglan etdi, Aşgabatda 3 şäheriçi awtobus gatnawynyň tertibine üýtgeşmeler girizildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryş platformasyny işe girizilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

2. Penşenbe güni Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylda geçiriljek çäreleriň we dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi. Meýilnamada Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmek, dialog medeniýetini ösdürmek, howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerine bagyşlanylan dürli dabaralar, çäreler we işler öz beýanyny tapar.

3. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Energetika önümçiligi we energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalary barlaghanasyna kükürt-çagyl inert materialyny öndürmek üçin tehnologiýany işläp düzmek üçin güwänama gowşuryldy. Bu önümiň esasy maksady kükürt galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly kükürt-çagyl inert materialyny öndürmek üçin täsirli usul döretmekden ybaratdyr. Täze tehnologiýa diňe bir gymmatly material almak bilen çäklenmän, eýsem, galyndylary zyňmak bilen baglanyşykly ekologik meseleleri çözmäge hem gönükdirilendir.

4. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Sumbar jülgesiniň baglarynda ösdürilip ýetişdirilen miweler diňe bir ýakymly tagamy bilen däl, eýsem, saglyk üçin diýseň peýdaly häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Bu sebitdäki seçgiçi alymlar we bagbanlar ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan köp sanly nar görnüşlerini ösdürip ýetişdirdiler. «Gözel Sumbaryň nary» diýen umumy at bilen meşhurlyga eýe bolan miweler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem meşhur boldy. Her agajyň hasyllylygy 20 kilogramdan 70 kilograma çenli ýetýär, käbir miweleriň agramy bolsa 500-600 grama ýetip bilýär. Türkmenistanyň subtropik etrabynda nar hasylyny ýygnamak möwsümi noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

5. Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 9-njy oktýabrdan Aşgabatda birnäçe awtobuslaryň ugurlary üýtgär. №18 awtobus ugry N. Andalyp köçesinden Görogly köçesine tarap gönükdiriler. №32 awtobus ugry indi Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar. №46 awtobus ugry bolsa N. Andalyp köçesi bilen ýöräp, Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar.

6. BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde Adam hukuklary boýunça geňeşiň 57-nji mejlisiniň çäginde «Adam hukuklary we ösüşe bolan hukuk» atly ugurdaş çäräni gurady. Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hemişelik wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we adam hukuklary boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Dünýäde

7. Repçi Eminem özüniň «Temporary» atly täze klipi arkaly ýakynda maşgalasyna täze agzanyň goşuljakdygy baradaky habary paýlaşdy. Nostalgiki kadrlar bilen doldurylan wideoda artist öz gyzy Heýli Jeýd Skottyň çaga garaşýandygyny mälim etdi. Klip maşgalanyň arhiw materiallaryndan düzülen Heýliniň ulalmagynyň ýyl ýazgysydyr. Gyzynyň Emineme göwrelidigini aýdyp, oňa «Baba №1» ýazgyly futbolkany sowgat bermegi we oňa ultrases barlagynyň netijesini görkezmegi wideonyň iň täsirli pursatlaryny emele getirýär. Repçiniň ýeke-täk gyzy Heýli Jeýd Skott ýaňy-ýakynda Ewan Makklintoka durmuşa çykdy, olar 2016-njy ýyldan bäri bilelikdediler. Olar kollejde tanyşdylar, şol wagt Heýli psihologiýa, Ewan bolsa ykdysadyýet ugrundan bilim alýardy.

Sport täzelikleri

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Erzurumda geçirilen halkara ýaryşynda Azerbaýjanyň milli ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Türkiýäniň Futbol federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryşa türki dilli bäş ýurtdan toparlar we çakylyk esasynda Gruziýanyň milli ýygyndysy gatnaşdy. Birinji tapgyrda Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri 0:3 hasabynda Türkiýeden ýeňildiler. Bu ýaryş 23 – 27-nji oktýabr aralygynda Taýlandda geçiriljek 2025-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. «D» toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysy Taýlandyň, Hindistanyň we Bruneýiň toparlary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň