Bengal aýlagynda hindistanly balykçylara seýrek duşýan äpet balyklaryň dokuz sanysyny awlamak başartdy. Bu barada «Kalinga TV» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýerli ýaşaýjylar bu seýrek balyklary garrylygyň garşysyna derman taýýarlamakda ulanýarlar. Halk lukmançylygynda balygyň aýratyn hem agzyna uly ähmiýet berilýär we gymmat nyrh kesýärler. «Güýjüň çeşmesi» hasaplanýan balygy diňe Hindistanda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da bejerijilik täsiri üçin gymmat satyn alýarlar.
Balykçylaryň gürrüň bermegine görä, bu balyklar çuň suwlarda ýaşaýarlar, emma bu gezek olary Gang derýasynyň gözbaşlarynda tutmak başardypdyr. Haçanda balykçylar olary Dingha şäherine getirenlerinde, ýerli ýaşaýjylardyr jahankeşdeler balyklary satyn almak üçin üýşüpdirler.
Netijede, balyklaryň iň ulularyny – ýüz kilogramlyk iki balygy 1,5 mln rupiýa (17,9 müň dollar töweregi) satmak başartdy diýlip, habarda aýdylýar.