Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öňdäki noýabryň başynda Gyrgyzystana resmi sapar bilen barar. Bu barada gyrgyz habar beriş serişdelerine ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Alymkadyr Beýşenaliýew habar berdi diýip, «Report» ýazýar.
Öň Gyrgyzystanyň DIM-i 6-njy noýabrda Bişkekde Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň geçjekdigini habar berdi.