Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» «Miles&Smiles» maksatnamasyna 20 million adamyň agza bolmagyny belleýär

11:3625.09.2024
0
9171

Uçuş amala aşyrýan ýurtlarynyň sany boýunça dünýäniň iň iri awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» «Miles&Smiles» ygrarlylyk maksatnamasynyň 20 millionynjy agzasyny garşylamak bilen, möhüm üstünlik gazandy. Bu waka ýygy-ýygydan uçýan ýolagçylar üçin 1989-njy ýylda ýola goýlan maksatnamanyň 35 ýyllygyna gabat gelýär.

Üç ýarym onýyllygyň dowamynda «Miles&Smiles» agzalaryna mil gazanmak we peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri hödürleýän giň gerimli ekoulgama öwrüldi. Müşderiler diňe bir «Turkish Airlines» we onuň «Star Alliance» bileleşigindäki hyzmatdaşlary arkaly uçuşlarda däl, eýsem, maksatnamanyň köp sanly hyzmatdaşlaryndan myhmanhana, syýahatçylyk, awtoulag kärendesi we tehnologiýalar pudaklary boýunça söwda etmek bilen bonus gazanyp bilerler.

Toplanan milleri sowgatlyk petekler, hyzmat derejesini ýokarlandyrmak, goşmaça goşlar we syýahatyňyzyň hilini ýokarlandyrýan beýleki hyzmatlar bilen çalşyp bolýar.

Maksatnamanyň meşhurlygy ajaýyp statistika subut edýär: «Miles&Smiles» maksatnamasynyň döredilen gününden bäri 20 milliondan gowrak sowgatlyk petek berildi. Häzirki wagtda bu maksatnamanyň bütin dünýäde 300-den gowrak hyzmatdaşy bar, olaryň arasynda «Booking.com», «Marriot», «Enterprise», «Apple», «Ikea», «Sephora» we «Ticketmaster» ýaly meşhur brendler bar.

Türkmenistanyň raýatlary «Miles&Smiles» maksatnamasy barada turkishairlines.com resmi saýtynda ýa-da awiakompaniýanyň Aşgabatda şu salgyda ýerleşýän satuw ofisinde has köp maglumat alyp bilerler: G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com. Telefon (+993 61) 01 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň