Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hiliň» hünärmenleri iň meşhur süýjülikleri barada aýtdylar

10:4721.09.2024
0
12633

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlar tory müşderileriň arasynda iň meşhur süýjülikleriň reýtingini hödürledi. «Zyýat Hil» dükanlarynyň bellemegine görä, süýjülikleriň ilkinji bäşliginiň başyny şu ýylyň täze önümi bolan sawoýardi kökeli miweli tort çekýär.

Bu sanawda dükanlar tory tarapyndan klassiki, kokosly, hozly we şokoladly hili dört dürli görnüşde hödürlenýän nusgawy medowik torty hem öňdäki hatarda durýar. Bu köpdürli görnüşdäki tortlar hatda iň talapkär süýjülikleri söýüjileri hem kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türk baklawasy hem müşderileriň halaýan görnüşleriniň hataryna girýär. «Zyýat Hiliň» konditer hünärmenleri bu süýjüligi taýýarlamak üçin diňe ter goşundylaryň ulanylýandygyny, onuň bolsa süýjüligiň datly tagamyny we hilini üpjün edýändigini belleýärler.

Mak biskwiti, limon kremi hem-de özboluşly kitirdewükligi bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýän mak-limonly tort bu sanawda aýratyn orun eýeleýär.

Iň meşhur süýjüliklerden ybarat bolan sanawyň bäşligini «Zyýat Hil» dükanlarynyň müşderileriniň arasynda uly isleg bildirilýän traýfllar — kesimleýin süýjülikler jemleýär.

Dükanlar tory 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt edýän müşderilere Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine mugt eltip bermek hyzmatynyň ýetirilýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 hem-de (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň