Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Taekwondo Milli merkezine lybaslardyr enjamlar sowgat berildi

11:0619.09.2024
0
6399

18-nji sentýabrda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Taekwondo Milli merkezine lybaslardyr enjamlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Jemi 180-den gowrak enjamlaryň, şol sanda taekwondo lybaslarynyň, başgaplarynyň, gorag plitalarynyň, eller üçin we aýaklar üçin goraglaryň, şeýle hem golnaklaryň gowşurylandygy habar berildi.

Çärä, Olimpiýa şäherçesindäki üsti ýapyk Ýeňil atletika merkezinde geçirildi. Sport enjamlary we lybaslary Koreýa Respublikasynyň Medenieýt, sport we syýahatçylyk ministrligi we Taekwondony ösdüriş gaznasy tarapyndan berildi.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kyu-Teok çärede Türkmenistan bilen Taekwondony giňden ýaýrandyrmak boýunça hereketleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Taekwondo Milli merkeziniň ýolbaşçysy Bäşim Rozyýew berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taekwondo babatynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň uzak taryhy bar. 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistan her ýyl Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrundaky ýaryşy geçirýär. Şu ýyl bu ýaryş 24 ― 25-nji awgustda geçirildi we 180-den gowrak türgeni özünde jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň