Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýakyn wagtda Türkmenbaşy we Gwadar portlarynyň arasynda ylalaşyga gol çekiler

13:1716.09.2024
0
3214
Ýakyn wagtda Türkmenbaşy we Gwadar portlarynyň arasynda ylalaşyga gol çekiler
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistan Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgesiniň (CPEC) çäginde Gwadar portuna göni çykmak mümkinçiligine eýe boljak ilkinji Merkezi Aziýa döwleti bolup biler. Bu barada Pakistanyň «The Nation» neşiri ýazýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, bu ugurdaky degişli ylalalaşyga ýakyn wagtda gol çekilmegine garaşylýar. Has nyk aýtsak, Pakistanyň hökümeti Gwadar we Türkmenbaşy portlarynyň arasyndaky ylalaşygyň taslamasyna garamak üçin komitet döretdi.

«Bu çözgüt TOPH turbageçirijisi, demir ýol gurluşygy we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly bilelikdäki taslamalar bilen ugurdaşlykda durmuşa geçirilip, Günorta we Merkezi Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşygy gowulandyrmak boýunça edilýän giň gerimli tagallalaryň bir bölegidir» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň