Top.Mail.Ru

Arhiw

Koreý ilçihanasy tarapyndan Aşgabatdaky orta mekdebe kitaplar gowşuryldy

10:1716.09.2024
0
7971

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde, 13-nji sentýabrda Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatdaky 88-nji orta mekdebe koreý dilini öwrenmek üçin okuw kitaplarydyr gollanmalaryny sowgat etdi.

Ilçihananyň ikinji sekretary hanym Çe Minkýong, mekdebiň müdiri Arslan Ýabanow we koreý dili mugallymlary kitaplary gowşurmak dabarasyna gatnaşdylar. Aşgabatdaky 88-nji orta mekdep Türkmenistanyň okuwçylara koreý dili işjeň öwredilýän umumybilim edaralarynyň biridir.

Sowgat edilen okuw kitaplary okuwçylaryň diňlemek, ýazmak we okamak ýaly ugurlarda dil öwrenmek endiklerini giňelder.

Umuman, mekdep 242 okuw kitabyny aldy, olar okuw döwründe mugallymlar üçin ýakyn gollanma bolar. Bu kitaplar ýaş türkmenistanlylara koreý dilini has netijeli özleşdirmäge we koreý medeniýetini has çuňňur öwrenmäge kömek eder.

Ozal Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili bölümine hem ilçihana tarapyndan koreý dilindäki 165 kitap gowşurylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň