Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil»: her gün üçin datly süýjülikler

11:0214.09.2024
0
10496

«Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlary diňe bir islendik görnüşli tagamly tortlary bilenem däl-de, eýsem täze datly süýjülik önümleri bilen hem müşderilerini begendirýär. «Zyýat Hiliň» tekjelerinden dürli görnüşli konditer önümlerini, şol sanda kökeleri, ýumşak pirožnylary, zefirleri, türk baklawalaryny we başga-da köp sanly süýjülik çörek önümlerini tapyp bilersiňiz.

«Zyýat Hiliň» taýýarlaýan önümleri amatly gaplamalarda, şeýle-de çekimli görnüşde hödürlenýär. Bu her kime süýjüleri zerur bolan mukdarda saýlap almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, konditer önümleri dükanlary halaýan önümleriňizden sowgatlyk toplumlary taýýarlamak üçin ajaýyp şert döredýär.

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň ählisi täze we ýokary hilli goşundylardan taýýarlanylyp, önümleriň bahasy bolsa elýeterlidir.

Konditer dükanlarynda müşderilere dürli görnüşli süýjülik çörek önümleri, tejribeli, güler ýüzli işgärler hem-de amatly atmosfera garaşýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş jaý toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06; (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt eden müşderilere Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň çägine tölegsiz eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň